Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry

0
116560
Salgysy:
г. Ашгабат, проспект Махтумкули, 142
Telefon belgiňiz:
36-47-11, касса 36-42-81
Soňky täzelenme:

Teatryň salgysy: Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 142-nji jaýy. 

Teatryň telefon belgileri: kabulhana 36-47-11, kassa 36-42-81.


Rus drama teatry L.Lonskoýyň ýolbaşçylyk etmeginde 1926-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Teatryň sahnasynda ilkinji gezek A.Ostrowskiniň «Haram pullar» eseri teatryň baş režissýory W.Lukaşewiç tarapyndan sahnalaşdyryldy. 

Bu teatr Merkezi Aziýada ilkinji döredilen rus teatrydyr. Teatr açylanda, onuň ýanynda teatr-studiýa döredilýär. Teatr-studiýany 1929-njy ýylda tamamlan uçurymlar şol wagtky Mollanepes adyndaky baş drama teatrynyň ilkinji döredijilik toparynyň artistleri bolup işe başlaýarlar. Gysga döwürde teatr Türkmenistanyň paýtagtynyň iň köp tomaşaçyly medeni merkezine öwrülýär.

1937-nji ýylda teatra beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň ady dakylýar. 

1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe teatryň artistleri döredijilik toparlarynyň arasyna goşulyp, esgerleriň ruhuny götermek, olaryň ýeňşe bolan ynamyny artdyrmak üçin konsert meýilnamalary bilen frontlarda çykyş etdiler. 

Teatrda dürli döwürlerde W.Feodorow (1937-1940 ýý.) we N.Tekker (1940-1945 ýý.) režissýorlyk edýärler. 1945-nji ýyldan bolsa I.Gromow teatryň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenilýär.

1948-nji ýylda bolan aýylganç ýer titremesinden birnäçe aý soň, teatryň jaýynyň abat galan 1-nji gatynda G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» atly oýny bilen 1948-1949-njy ýylyň teatr möwsümi açylýar. Biraz wagtdan soňra teatryň täze jaýy gurlup, ulanylmaga berilýär. 

1950-nji ýylyň ortalaryna A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatry ýurdumyzyň çäginden daşarda-da tanalyp başlanýar. 1955-nji ýylda Moskwada geçen Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günlerinde teatr A.Çehowyň «Üç uýa», G.Muhtarowyň «Şadyýan myhman» we G.Seýitliýewiň «Jahan» atly iň ajaýyp oýunlaryny tomaşaçylara hödürleýär. Görkezilen spektakllar Moskwa metbugaty tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.

Türkmenistanyň onlarça belli režissýorlarydyr artistleri bu teatryň işine öz ömürlerini bagyş etdiler. 1960-njy we 1980-nji ýyllarda teatrda W.Aksenow, W.Regureskiý, Ýu.Şişkin, W.Karenkin, G.Nester ýaly zehinli režissýorlar işlediler. Şeýle hem M.Kirillow, L.Kotowşikow, G.Bobrowskiý, W.Berşanskiý, W.Krasnopolskiý, W.Ismaýylowa, G.Droşinskaýa, G.Gomanýuk, A.Arhangelskiý, O.Awetisow, G.Abramow, A.Konstantinow ýaly öz döwrüniň belli artistleri bu teatrda zähmet çekdiler hem-de teatr sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdular.

F.Şilleriň «Tekepbirlik we söýgi», W.Şekspiriň «Şa Lir», M.Gorkiniň «Goja», M.Şolohowyň «Göterilen tarp», G.Goriniň «Gerostraty unutmak» atly oýunlary teatr tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsini gazandy. Bu oýunlarda B.Burdeýna, W.Çirkowa, A.Kazakowa, A. Konstantinowa ýaly ajaýyp artistler ýatdan çykmajak keşpleri döretdiler.

Sahna hem-de egin-eşik bezegi işleriniň göwnejaý bolmagynda Ý.Belowyň, B.Manakowyň, A.Dolgaşowyň mynasyp paýlary bardyr. 

Garaşsyzlyk ýyllary içinde teatr özüniň täze ösüş ýoluna gadam basdy hem-de 100-e golaý spektakllar, onlarça edebi-çeper kompozisiýalar tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. 

Dürli döwürlerde dramaturglar A.Ostrowskiniň «Özli özümiz, ylalaşarys-la», «Gijigen söýgi», «Agtaran tapar», A.Kristiniň, R.Tomanyň «Wernýeniň öýüniň syry», M.Fermonyň «Bir üçegiň astynda» ýaly ilhalar eserlerini goýup, tomaşaçylar köpçüligine hödürlediler.

I.Grekowyň, P.Lunginiň «Ýalňyzlaryň gämisi» atly spektakly ýurdumyzyň teatr sungatynyň ýatdan çykmajak sahna eserlerine öwrüldi. 

2007-nji ýylda Ý.Bekiýewiň ýolbaşçylygynda teatr studiýasy açyldy. Studiýada häzirki döwürde tomaşaçylarymyzyň söýgüsini gazanan birnäçe zehinli artistler taýýarlanyp ýetişdirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatryň taýýarlaýan spektakllarynyň sanawyna dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy eserleri goşuldy. Olardan G.Lorkanyň «Bernardo Albanyň öýi», W.Şekspiriň «Otello», «Nadaranyň nogtalanyşy», A.Çehowyň «Wodewil agşamy», N.Ostrowskiniň «Günäsiz günäkärler» atly meşhur eserlerini ýatlamak mümkin. 

Şeýle meşhur eserleriň teatryň sahnasynda goýulmagy režissýorlaryň, artistleriň kämilleşmeginde, şeýle hem tomaşaçylaryň sanynyň artmagynda, umuman, teatr sungatynyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki döwürde teatr öz ösüşiniň täze basgançaklaryna çykýar. Bu teatryň baýry aktýorlarynyň ussatlygynyň hem-de ýaş aktýorlaryň kämillik derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanşyklydyr. 

Teatryň artistlerinden N.Laukert, A.Spiridonow, S.Troiskaýa, A.Lubenes, S.Nikitin dagy «Türkmenistanyň at gazanan artisti» adyna mynasyp boldular. O.Wolkowa, M.Rogow, T.Öwezmyradowa, A.Pawlow hem-de Ý.Ýablokowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileridir. Täze-täze oýunlaryň yzygiderli sahnalaşdyrylmagy aktýorlaryň has-da kämilleşmeklerine tejribeleriniň artmagyna mümkinçilik berýär. 

Bu meselede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dörediji adamlaryň tejribelerini artdyrmagyň, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döretmegiň wajypdygy, şol bir wagtda-da, teatr sungaty üçin ýaş nesilleri ýetişdirmegiň zerurdygy barada berýän tabşyryklaryndan ugur alynýar. 

2008-nji ýylyň noýabr aýynda teatryň Russiýanyň Moskwa we Mytişi şäherlerinde bolan döredijilik saparlarynda görkezilen spektakllar russiýaly tomaşaçylar tarapyndan hem diýseň gyzgyn garşylanyldy. 

Teatrda türkmen dramaturglarymyzyň pýesalarynyň sahnalaşdyrylmagyna-da uly üns berilýär. Bu däp teatryň düýbi tutulandan bäri ýola goýlup gelinýär. Häzirki wagtda bu isleg has-da artdy. 

Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Rahmanow tarapyndan sahnalaşdyrylan dramaturg B.Abdyllaýewiň «Umytlar nirede döreýär?», A.Taganowyň «Keseki» powesti esasynda G.Daňatarowyň we S.Nepesowyň döreden «Pereňli», türkmeniň nusgawy şahyry Mollanepesiň adybir dessany esasynda B.Amanow tarapyndan ýazylan «Zöhre we Tahyr», nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalybyň adybir dessany esasynda G.Daňatarow bilen I.Stolbunowanyň taýýarlan «Ýusup-Züleýha», türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan «Böwenjik», «Hudaýberdiniň başdan geçirenleri», «Kör garga» atly spektakllar dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň uly höwes bilen tomaşa edýän sahna eserlerine öwrüldi. 

Topara ussat, tejribeli işgärleriň işe gelmegi netijesinde, sahnalaşdyrylýan oýunlaryň hili has-da ýokarlandy. Oýunlardaky tansly sahnalaryny ýurdumyzyň belli horeograflarynyň biri, Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Lubenes goýýar. Spektakllar üçin ýörite saz eserlerini kompozitorlar R.Nepesow bilen B.Gullyýew dagy döredýärler. 

Soňky döwürde tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylan F.Şilleriň «Söýgi we tekepbirlik» atly spektaklynyň ýurdumyza ýörite iş sapary bilen gelen nemes režissýory A.Torwald tarapyndan sahnalaşdyrylandygyny bellemek mümkin. 

Özleriniň baý iş tejribelerine daýanýan teatryň döredijilik toparynyň täze-täze sahna eserleri bilen teatr tomaşaçylaryny begendirmäge uly mümkinçilikleri bar.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler