Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar, işewürler gatnaşdylar.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, forumyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň köpugurly sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Şu ýyl bu sergä ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirdi.
Her ýyl geçirilýän gözden geçirilişde Türkmenistanyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri tanyşdyrylýar.
Aşgabat şäheriniň ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli sergidäki pawilýonlarda şähergurluşyk, dolandyryş ulgamlary, inženerçilik-üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk, senagat we durmuş düzümleri, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa, abadançylyk, sanly ulgam, syýahatçylyk ýaly ýörite bölümler döredilipdir. Sergi öz işini iki günläp dowam eder.
Şeýle-de okaň: