Turkmenportal logo
25.05.22
70537053
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurymlarynyň konserti bolar
Aşgabatda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurymlarynyň konserti bolar

27-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal bölüminiň uçurymlarynyň konserti guralar.


ashgabat.in saýtynda bellenilişi ýaly, bu konserte gatnaşyjylar ýörite sazçylyk mekdebini geçen asyryň ikinji ýarymynda tamamladylar. Olaryň käbiri okuwlaryny konserwatoriýada dowam etdirdiler.


Konsertde dünýä klassikleriniň we häzirki zaman awtorlarynyň eserleri Türkmenistanyň halk artistleri K.Nazarow, G.Nuryýewa, M.Baýramgeldiýew, şeýle-de estrada sungatynyň ussatlary K.Geldiýewa, W.Kostýaýewa, A.Erhan, T.Şabasanow, M.Myratgeldiýew, B.Gaýypow, N.Ýarantsewa, Ý.Oreşkina ýaly ajaýyp aýdymçylaryň topary tarapyndan ýerine ýetiriljek kompozisiýalarda ýaňlanar.


Konsert sagat 18:30-da başlanar. Giriş tölegsizdir.