«Toyota Motor» kompaniýasy Camry kysymly awtoulagynyň önümçilginiň ýola goýulmagynyň 40 ýyllygy mynasybetli bu ulagyň häzirki nusgasynyň ýörite niýetlenen görnüşini öndürdi.
Awtoulag kompaniýasynyň press-relizinde bellenilişi ýaly, bu Nightshade Special Edition toplumly ulagyň täze görnüşidir. Bu ulag täze Reservoir Blue (gara-gök metallik) reňkinde öndürilip, ony almaga isleg bildirýänler 19 dýuýmlyk diskleriň täsin bürünç reňkini hem saýlap bilerler.
News.drom neşiriniň ýazmagyna görä, Nightshade Special Edition-yň esasy aýratynlyklaryna sedanyň sport gurluşlydygy, Camry TRD sport ulagyndaky ýaly öňki bamperiň bolmagy, spoýleriň, aýnalarynyň daşynyň, teker diskleriniň boltlarynyň gara reňkde bolmagydyr. Camry Nightshade Special Edition 2,5 hem-de 3,5 litr V6 göwrümli benzinli hereketlendirijiniň standart modifikasiýasynda hödürlenilýär. Mundan başga-da, ulagyň gibrid görnüşi hem bardyr. Şunuň bilen birlikde, ulagda hereketlendirijä baglylykda, herekete getiriji öňki ýa-da doly ýagdaýdadyr.