Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Baharyň sazy» atly konsert geçirildi

09:1224.05.2022
0
4088

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konsewatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde «Baharyň sazy» atly konsert geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habaryna görä konsert konserwatoriýanyň sazandalarynyň goldawy bilen mekdebiň mugallymlary we okuwçylary tarapyndan geçirildi. Konsertiň maksatnamasyna türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri girizildi.

Çykyş edenleriň arasynda Rahat Çaryýewiň (fagot) we Natella Bagirowanyň (fortepiano), saksofonçy Ahmat Abaýewiň we pianinoçy Diana Melkumowanyň, akkordeonçy Ylham Şertdaliýewiň we Perhat Tagiýewiň, Nurjahan Nepesowanyň (skripka), Päkize Ýagşymyradowanyň, Oktaý Najafowyň (klarnet), Didar Ýomudow (goboý) we başgalaryň çykyşlaryna ýokary baha berildi.

Döwletmammet Ökdirowyň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestri Röwşan Nepesowyň kompozisiýalaryny, şeýle hem Bartokyň «Rumyn halk tanslaryny» ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň