Soňky habarlar

Arhiw

Migrasiýanyň görkezijileri boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary üçin maslahat geçirildi

20:0821.05.2022
0
27323

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda migrasiýanyň görkezijileri boýunça gibrid görnüşinde usuly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, bu maslahat 20-nji maýda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi.

Maslahatda migrasiýa baradaky maglumatlary toplamagyň we görkezijileri seljermegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy, şeýle-de migrasiýa hereketi barada maglumatlary ýygnamagyň gurallary, ykdysady-strategik görkezijileri ulgamynyň seljerilişi we migrasiýa syýasatynda durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde halkara maslahatlary yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň