Soňky habarlar

Arhiw

«UlagExh» kärhanasy ýokary hilli logistika hyzmatlaryny hödürleýär

14:5920.05.2022
0
2303
«UlagExh» kärhanasy ýokary hilli logistika hyzmatlaryny hödürleýär

Häzirki wagtda iş çygrynda iň bir ýokary hil derejesini üpjün edýän kärhanalaryň biri hökmünde tanalýan «UlagExh» ulag-logistika kärhanasynyň esasy işi Türkmenistanyň çäginde we ýurtdan daşarda ýük daşamalaryny amala aşyrmak bolup durýar.

Kärhana müşderilere ýetirýän hyzmatlarynda ýükleriň öz wagtynda eltilmegini, olaryň daşalýan mahaly gözegçiligini we ygtybarly saklanmagyny kepillendirýär.

Sargytlaryň talabalaýyk hem-de ýokary derejede ýerine ýetirilmegine kärhananyň öz düzümindäki we kärendesine alynýan ulag serişdeleri, amatly ugruň saýlanyp alynmagy hem-de hereketiň tertibiniň sowatly işlenilip düzülmegi, hususan-da ýük daşamalarynyň ähli tapgyrlarynda «UlagExh» kärhanasynyň işgärler düzüminiň kadalaşdyrylan işi aýratyn ýardam edýär.

Hyzmatlaryň giň gerimli iş çygryna ulaglaryň ähli görnüşleri (awtoulag, deňiz ulaglary, demir ýol ulaglary hem-de howa ulaglary) boýunça alnyp barylýan şäherara we halkara ýük gatnawlary girýär. Kärhana halkara ulag-üstaşyr geçelgelerden ýükleri daşamak, şeýle hem ýygnama ýükleri daşamak we ýörite tehnikalaryň kärendesi ýaly amallaryň netijeli çözgüdini tapýar.

Bulardan başga-da, «UlagExh» kärhanasy ýükleri ammarlara ýerleşdirmek mümkinçiligini, gümrük we ulag logistikasy işleriniň çözgüdini tapmagy, müşderileri ýükleriň eltilendigi barada habardar etmegi we beýleki hyzmatlary ýetirýär.

Guramaçylykly ýola goýulýan ulag ýük daşamalary bazar ýagdaýlarynyň yzygiderli özgermegini we sarp edijileriň islegleriniň üýtgäp durmagyny tiz durmuşa geçirmäge ýardam edip, bäsdeşlikde tapawutlanmaga mümkinçilik berýär.

Kärhananyň maýyşgak baha syýasaty arzanladyşlary geçirmäge we müşderilere aýratynlykda hyzmatlary hödürlemäge şert döredýär. «UlagExh» kärhanasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen müşderiler başga-da köp sanly ýeňillikleri we tapawutly amatlylyklary alyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň