Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabynda diş çotgalaryny öndürýän kärhana açylyp ulanylmaga berildi

18:1218.05.2022
0
17951

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginde diş çotgalaryny öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze saba» hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze, döwrebap kärhananyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp işe girizildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Täze kärhananyň gurluşygyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýüpek ýol harytlary» hojalyk jemgyýetiniň ezber elli gurluşykçy-hünärmenleri alyp bardylar. Onuň önümçilik bölümlerinde Awstriýanyň «Engel Austria GmbH» we Germaniýanyň «Zahoransky AG» kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary oturdylypdyr. Kompaniýalaryň nou-hau tehnologiýalary bu ýerde her ýylda ýokary hilli diş çotgalarynyň 5 millionyny öndürmäge mümkinçilik berer. Önümçilikde ulanylýan çig malyň esasy bölegi Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyndan getirilýär.

Belläp geçsek, täze desganyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde ýaşlaryň 30-dan gowragyna iş orny açyldy. Kärhananyň baş direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nazar Ýazgylyjowyň aýtmagyna görä, ýakyn geljekde önümçiligiň çägini we gerimini giňeltmek, iş orunlaryny 100 adama çenli artdyrmak bilen, öndürilýän diş çotgalarynyň sanyny 22 milliona ýetirmek maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň