Top.Mail.Ru

Hindi alymlary stomatolog nanorobotlary döretdiler

17:3618.05.2022
0
3945

Hindi ylmy institutynyň alymlary tarapyndan döredilen täze robot-enjamlar diş lukmanlaryna dişleriň kyn ýerlerini-de bökdençsiz bejermäge ýardam eder. Hindi inženerleriniň we lukmanlarynyň bilelikdäki gözleginiň netijeleri «Advanced Healthcare Materials» žurnalynda çap edildi.

Pes intensiw magnit meýdanynyň kömegi bilen dolandyrylýan dioksid kremniý we demirden taýýarlanan burma şekilli nanorobotlar diş lukmanlary üçin infeksiýalara garşy işlemekde oňaýly bolmadyk ýerlerde hem täsirli iş alyp barmaga mümkinçilik döreder.

Theranautilus atlandyrylýan nanorobot beden örtüginiň içine 2000 mikrometr girmäge we bu derejede işlemäge niýetlenendir. Bu ozalky terapiýa usuly bilen ýerine ýetirilýän 800 mikrometrlige aralaşmaga ýardam edýän amaldan görnetin tapawutly bolup durýar diýip, mir24 habar berýär. Geçirilen barlag işleriniň netijesinde Theranautilus nanoroboty täsirliligini we zyýansyzlygyny ýüze çykardy.

Alymlaryň bu ugurda ýerine ýetirjek indiki işi bolsa agyz boşlugynda ornaşdyrylyp, lukmanlara Theranautilus nanoroboty bilen kök kanallarynda bejeriş işlerini geçirmäge ýardam etjek mehanizmi işläp taýýarlamakdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň