Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

10:4518.05.2022
0
10424
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün — 18-nji maýda Türkmenistanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy uludan bellenilýar. Bu şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna baýramçylyk bilen gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetine neşir edildi.

«Eziz wa­tan­daş­lar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynyň başynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellemeginä görä, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, müdimi mukaddesliklerimiz bolan Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp binalar, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän bu mukaddesliklerimiz mynasybetli giňden we dabaraly bellenilip geçilýän milli baýramlar biziň watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr.

Döwlet Baştutany: «Mundan 30 ýyl ozal milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda aýgytly ädimler ädildi. Adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyzyň binýatlyk ýörelgelerinden ugur alyp, belentde parlaýan ýaşyl tugumyzyň saýasynda eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanmagyna ýardam berýän giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi. Şu gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň konstitusion gurluşy kämilleşdirilip, jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly hem-de durnukly ösüşini üpjün edýän kanunlar kabul edildi, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamy döredildi. Üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler, aýratyn-da, iki palataly täze kanun çykaryjy edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ösen hukuk, syýasy ulgamly döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.» diýip, gutlag hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen türkmen halkyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň