Soňky habarlar

Arhiw

«Awazada» dynç almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin dalaşgärler kabul edilýär, Moskwada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar

09:4118.05.2022
1
24602
«Awazada» dynç almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin dalaşgärler kabul edilýär, Moskwada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar

1. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän myhmanhanalarda ýa-da kottejler toplumynda dynç almak isleýänleriň ýanynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýollanma bilen bir hatarda, hökmany ýagdaýda Covid-19 ýokanjyna garşy 3 sapar sanjym alandygy hakynda resminama bolmalydyr, şeýle-de syýahata ugramazdan 72 sagadyň dowamynda Covid-19 barlagyndan geçmeli we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtyndan elektron rugsatnama almalydyrlar.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2022-2023-nji okuw ýylynda (bakalawriat) bilim almak üçin dalaşgärleri kabul edýär. Resminamalar 24-nji maýa çenli kabul ediler. Dalaşgär hökmünde umumy orta ýa-da orta hünär bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem 18 ýaşa ýeten orta mekdebiň uçurymlary gatnaşyp bilerler.

3. Moskwada ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň dekabrynyň aýagyna çenli uzaltmaga girişdi. Daşary ýurt pasportlaryna Ilçihana tarapyndan QR-kod we pasportyň möhletiniň 2024-nji ýylyň
31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy hakynda bellik goýlar. Daşary ýurt pasportlarynyň hereket edýän möhletini uzaltmak işi mugt ýerine ýetiriler.

4. 21-nji maýda sagat 19:00-da «Aşgabat» kinokonsert merkezinde režissýor Annadurdy Täşliýewiň «Binýat» atly filiminiň öňünden görkezilişi bolar. Görkezilişe diňe ýörite çakylyk esasynda çagyrylar. «Binýat» filimi 23-nji maýda köpçülige ýetiriler. Isleg bildirýänler filme «Aşgabat» kinokonsert merkezinde sagat 15:00-da we 17:00-da tomaşa edip bilerler. Petekleri kinoteatryň kassasyndan alyp bilersiňiz.

5. Türkmenistandan, Russiýadan, Belorussiýadan we Gazagystandan sürüjiler tutuşlygyna Russiýa Federasiýasynyň çäginden geçjek «Ýüpek ýoly» rallisine gatnaşarlar. Üstümizdäki ýylda bu awtoulag ýaryşy Astrahanda badalga alar we 4380 kilometrden soň Moskwada tamamlanar.

6. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde etrap kazyýetiniň täze binasy ulanylmaga berildi.

7. Arsen Şahunts täze eseriniň çykýandygyny mälim etdi. «Mende sen bar» («У меня есть ты») atly haýal sazly, hoş owazly we örän mylaýym aýdym 23-nji maýda internet ulgamy arkaly diňleýjilere ýetiriler.

8. Türkmenistanda « AFC Grassroots Football Day 2022» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Festiwal Türkmenistanyň futbol federasiýasy we Olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi tarapyndan köpçülikleýin futboly mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen guraldy.

9. Türkmenbaşy şäherinde stol tennisi boýunça Balkan welaýatynyň çempionaty tamamlandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan sebitleýin bäsleşik 2-nji sport mekdebinde geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Timur Lobžanidze ýeňiji diýlip yglan edildi.

10. Gomel şäheriniň «Lokomotiw» toparynyň ýarymgoragçysy Wepa Jumaýew futbol boýunça Aziýanyň Kubogy ugrunda çempionatyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzümine çagyryldy. 21 ýaşly futbolçy karýerasynda ilkinji gezek ýaşlar ýygyndysyna çagyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň