Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Ak nesil» okuw merkezi täze okuw möwsümine kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi

14:0817.05.2022
0
9111

30-nji maýdan «Ak nesil» okuw merkezinde täze okuw möwsümi badalga alar.

Okuw merkeziniň esasy maksady — 6-8 ýaş aralygyndaky çagalara dünýäniň öňdebaryjy okadyş usullaryndan peýdalanmak bilen iňlis dilini täsirli öwretmekdir.

Bu ýerde iş alyp barýan pedagog hünärmenleriň okuw sapaklarynda ulanýan usullary özüniň netijeliligi, kadalylygy, şeýle-de öwrenilýän zatlary tiz özleşdirmäge ýardam berýändigi, daşary ýurt diliniň özboluşly aýratynlyklaryny ýeňil öwrenmäge mümkinçilik döredýändigi bilen tapawutlanýar. Bu usullar mekdebiň okuw maksatnamasynda geçilýän beýleki dersleri ýeňil öwrenmäge hem ýol açýar.

Geçilýän sapaklaryň ýörelgesi bolsa çaga dili nähili görnüşde öwrenmegi özüne saýlamaga goýýar. Has takygy, maksatnamalaýyn okuwlar çagalaryň aýratynlykda pikirlenip, dili has ýeňil öwrenmegini nazarda tutýar.

«Ak nesil» okuw merkezinde çagalara iňlis diliniň esasy nazaryýeti bilen birlikde, diliň islendik durmuşy ýagdaýlarda peýdalanar ýaly taraplary hem göz öňüne tutulyp öwredilýär.

Okuw merkeziniň hünärmenleriniň bellemegine görä, dili özleşdirmegiň binýatlyk esaslary çaganyň has kiçi wagtlarynda ýola goýulmalydyr. Hut şonuň üçin-de, bu ýerde 6-8 ýaş aralygyndaky çagalara dil öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Çaganyň okamagyndaky çekinjeňligini ýeňip geçmegi üçin okuw merkeziniň mugallymlary sapaklardan öň olaryň ünsüni sungat, medeniýet, sport ýaly gyzyklanmalara çekýärler. Şonuň ýaly-da, sapaklaryň bütin dowamynda iňlis dilinde gepleşmäge çemeleşilýär.

Okuw sapaklarynyň maksatnamasy dogrusynda aýdylanda, olar okuwçylaryň ýaş aýratynlygyna görä tapawutlydyr.

Daşary ýurt dilini ilkibaşdan öwrenmek isleýän çagalar «Jolly Phonics» maksatnamasy boýunça okadylýar. Bu maksatnama sözleri dogry we talabalaýyk aýtmaga, elipbiýi öwrenmäge, özleşdirilen zatlary gündelik durmuşda peýdalanmaga gönükdirilendir. Ol üç okuw kursuna bölünip, çagalara daşary ýurt dilinde geplemegi, ýazmagy we okamagy, şeýle hem düşünmegi kämilleşdirmäge ýardam eder.

Iňlis dili okuwlaryny dowam etdirýän çagalar üçin bolsa sapaklar «Super Minds» we «Kid's Box» maksatnamalary boýunça geçilýär.

Esasy okuw maksatnamalaryndan başga-da, mugallymlar çagalara sapaklaryň aralygynda dynç almaklary üçin sungat we dürli oýunlary okuw bilen utgaşdyrmagy meýilleşdirýärler.

Okuwlar hepdäniň 5 gününde 3 sagatdan geçirilýär. Her sapagyň dowamlylygy bolsa 50 minut bolup, arakesmelerde çagalar isleglerine görä iýip-içip, sapaklary taýýarlanyp ýa-da gyzykýan zatlary bilen meşgullanyp bilýärler.

Munuň üçin okuw merkezinde ýörite synplar bar.

Gyzykly oýunlar we ş.m diňe bir okuw sapaklarynda däl-de, eýsem dynç günleri hem köpçülikleýin haýwanat bagyna ýa-da teatra, tebigata gitmek bilen guralyp durulýar.

«Ak nesil» okuw merkeziniň salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, (Bitarap Türkmenistan şaýoly), 129-njy jaý.

Binanyň sag tarapyndan girmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99361119551; +99365015145; 955018.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň