Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde türkmen biržasynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy

23:3715.05.2022
0
4265

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçilerine «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz ýerlenildi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine boýalan tüýjümek önümler hem-de portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 203 müň dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, bitumy, binýatlyk ýagy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 182 million manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň