Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat forumynyň netijeleri boýunça iki Ylalyşyga gol çekildi

15:1512.05.2022
0
3477
Aşgabat forumynyň netijeleri boýunça iki Ylalyşyga gol çekildi

Şu gün Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki sany Ylalaşyklara gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustami Emomali Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň