Aşgabatda mekdep okuwçylaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi

16:3811.05.2022
0
12974

Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde şäher mekdepleriniň arasynda okuwçylaryň robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, bäsleşige gatnaşýanlar päsgelçilikli ýaryşa gatnaşmak üçin ýörite döreden robotlaryny bäsleşik meýdançasyna çykardylar. Robot-awtoulag modelleriniň her sürüjisi özüni «Formula-1»-iň piloty ýaly hasaplaýardy. Ölçegi 20x25 sm, agramy 1,5 kilogramdan köp bolmadyk robotlaşdyrylan enjamlardan ýasalan awtoulag ýaryşynda Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Dawut Bäşimow ýeňiji boldy.

Mekdep okuwçylary «Mars Rover» ýaryşyna-da gatnaşdylar. «Robot-suratkeşleriň» bäsleşigi hem çekeleşikli hem-de gyzykly geçdi.Bu ýaryşda awtomatik usulda surat çekmegiň takyklygyna we tizligine baha berildi.

Bäsleşigiň dowamynda «Awtomatik Sumo» atly robot ýaryşy hem geçirildi. «Söweşiji-robot» modellerini dolandyrýanlaryň öňünde garşydaşynyň awtoulagyny itekläp, ýaryş meýdançasyndan çykarmak bu bäsleşigiň esasy şerti bolup durýar. Bu bäsleşikde 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Arslan Poladowyň taýýarlan roboty garşydaşlaryndan saýlanmagy başardy.

Robot tehnikasy boýunça geçirilen bäsleşigiň çäginde bäsleşik tertibinden daşgary açyk howada sergiler, bäsleşikler we çagalar üçin gyzykly oýunlar guraldy. Ýaryşlaryň ahyrynda gatnaşyjylara ýörite baýraklar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň