Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrikanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

17:0511.05.2022
0
4418

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmen Lideri döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň