Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda dokma önümleriniň täze dükanlary açyldy

10:5511.05.2022
0
14113
Aşgabatda dokma önümleriniň täze dükanlary açyldy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Söwda merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde täze dükanlaryň 10-sy paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hereket eder.

Dükanlar Aşgabadyň demirgazyk künjeginde, ýagny Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Söwda merkeziň çäklerinde Aşgabadyň dokma dokma toplumyna, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigine, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezine, «Merw», «Nusaý», «Bedew», «Gala», «Bürgüt», «Türkmengalkan» aýakgaplary, «Bahar» haryt nyşanly senagat kärhanalarynyň we dokma toplumlarynyň dükanlary bar.

Täze dükanlarda alyjylaryň nagt we nagt däl söwda etmekleri üçin ähli şertler döredilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň