Wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hor toparlarynyň konserti geçirildi

18:0810.05.2022
0
5069

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlar dialogyna bagyşlanyp Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly hor toparlarynyň konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan dostluk konsertiniň maksatnamasynda doganlyk halklaryň meşhur eserleri bar. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen konsertiň dowamynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hor toparlary çykyş etdiler.

Konsert Türkmenistanyň Döwlet hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ýarowjan» aýdymy bilen badalga aldy. Döwlet hor toparynyň baş hormeýsteri Perman Miriýew dirižýorlyk etdi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Döwlet hor topary gazak halk aýdymlary «Kamažaý», «Karatorgaý», gyrgyz halk aýdymlary «Komuzçy», «Süýgönem çyksa bolboýlu», täjik aýdymy «muhabbat», özbek aýdymlary «Nomanganing olmasi», «Kylpyllama», türkmen aýdymy «Dutaryň owazy» ýaly sahna eserlerini ýerine ýetirdiler.

Dabara gatnaşyjylar Gazagystan Respublikasynyň «Astana opera» döwlet opera we balet teatrynyň kamera hor toparynyň baş hormeýsteri Ýeržan Dawutowyň gutlag sözlerini diňlediler hem-de şol teatryň kamera hor toparynyň çykyşyna tomaşa etdiler. Ýeržan Dawutow şeýle çäreleriň geljekde ýygy-ýygydan guraljakdygyna umyt edýändigini aýtdy. Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet kamera hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ata meken» hem-de «Aýkol Manas» gyrgyz aýdymlary ýaňlandy.

Täjigistan Respublikasynyň Sadriddin Aýni adyndaky döwlet akademiki opera we balet teatrynyň hor toparynyň baş hormeýsteri Ýelena Tillaýewa hor toparynyň alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdi hem-de hemmelere döredijilik ylhamyny arzuw etdi. Täjigistanyň hor topary «Noý-noý» türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi.

Kari Ýakubow adyndaky Özbek döwlet filarmoniýasynyň hor toparynyň baş hormeýsteri Gülnora Malikowa hem gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Ol hor toparynyň döreýşi hakynda-da gürrüň berdi. Özbek döwlet filarmoniýasynyň hor topary «Nar agajyny» hem-de özbek halk aýdymyny ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň