Top.Mail.Ru

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy Duşenbe şäherinde geçiriler

23:0608.05.2022
0
7784

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygy 13-nji maýda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ministrleriň duşuşygynda özara gatnaşyklaryň köp sanly meselesi boýunça pikir alyşylmagyna we halkara we sebitleýin möhüm meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Gün tertibiniň taslamasynda 9 mesele bar.

Şeýle hem şol mejlisde «GDA-nyň ýaşlar paýtagty» atly halkara taslama baradaky hasabat hem diňleniler.

Bu duşuşyk, adatça, her ýyl iki gezek geçirilýär. Geçen güýzdäki duşuşyk 13-nji oktýabrda Nur-Sultan şäherinde bolupdy.

Şu ýyl Gazagystanyň GDA başlyklyk edýändigini hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň