Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty birnäçe kanuny tassyklady

21:4007.05.2022
0
17400

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 7-nji maýda geçirilen birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisiniň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji maýda geçirilen on sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.

Bu kadalaşdyryjy-hukuk namalary hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda taýýarlanyldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olaryň çykyşlarynda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça geçirilen seljermeler esasynda gelnen netijeler barada habar berildi. Olaryň hatarynda, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanunlar bar.

Çykyş edenler bu kanunlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny bellediler.

Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisiniň gün tertibine girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli kararlar bilen berkidildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň