Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämi gurmak boýunça taslamalary taýýarlamak üçin iş ornuny yglan etdi

17:1513.05.2022
0
32565

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody yzygiderli gämi gurmak üçin taslamalary amala aşyrmaga azyndan 7 — 10 ýyl tejribesi bolan, şeýle-de ýokary bilimli we ýokary hünär derejesi bolan daşary ýurtly we ýerli inženerler hem-de hünärmenler üçin iş ornunyň bardygyny yglan edýär. Bu wezipelerde zähmet çekjek hünärmenleriň zähmet haklary şertnama esasynda daşary ýurt walýutasynda amala aşyrylar.

Bildirişde bellenilişi ýaly, tasmalany ýerine ýetirmek üçin işe kabul ediljek hünärmenler iýmit we ýatak jaýy bilen üpjün ediler.

Işe girmek isleýän daşary ýurtly we ýerli hünärmenler şu aşakdaky salgy boýunça habarlaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji jaýy.

Telefon belgileri:

  • (+993 243) 4-94-41,
  • (+993 243) 4-94-43,
  • (+993 243) 4-94-46.

Fax:

  • (+993 243) 4-95-42.

E-Mail: info@balkanshipyard.com.tm, www.balkanshipyard.com.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň