Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telewideniýesi ýapon teleserialyny türkmen dilinde görkezer

10:5506.05.2022
0
15152

Öňümizdäki tomusda türkmen telewideniýesi Ýaponiýanyň iň meşhur köp bölümli filmleriniň biri bolan «Goçiso-sany» («Bejergi üçin sag boluň!») türkmen dilinde tomaşaçylaryna ýetirer.

Filmiň wideomaglumatlaryny gowşurmak dabarasy we ýaýlym bilen şertnama baglaşmak çäresi 5-nji maýda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde geçirildi.

Köp bölümli film türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tomaşaçylara hödürleniler.

«Goçiso-san» 2013-nji we 2014-nji ýyllarda tutuş Ýaponiýada gowy baha berlen meşhur filmdir. Ondaky wakalar meiji döwründen başlap, uruşdan soňky döwrüň başlaryna çenli Tokioda we Osakoda bolup geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň