Soňky habarlar

Arhiw

Harby we hukuk goraýjy edaralary 7 ýyllyk meýilnamalary kabul ederler

21:5005.05.2022
0
9553

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onda harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gün tertibine Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly we käbir beýleki meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaçylary gözegçilik edýän ugurlarynda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti habatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işlerini has-da döwrebap derejede guramak, bu edaralary dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda has-da ösdürmek üçin uzak möhletli meýilnamalary kabul etmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylyk edýän edaralaryny ösdürmek boýunça 2022 – 2028-nji ýyllar üçin, 7 ýyllyk meýilnamalaryň taslamalarynyň gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we olary bellenen tertipde tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalar kabul edilenden soňra, olarda göz öňünde tutulan wezipeler, işler hem-de çäreler berk gözegçilikde saklanyp, üstünlikli durmuşa geçirilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň