Türkmenistan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky» kanuna goşmaçalar girizýär

21:5404.05.2022
0
21605

Türkmenistanyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky» kanunyna goşmaçalar girizilýär. Degişli kanunyň taslamasy şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on sekizinji maslahatynda kabul edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça çykyşlarda onuň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylandygy hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny we düzgünlerini üpjün etmek boýunça işleri giňeltmekde wajypdygy bellenildi.

Täze kanun Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilenden soňra metbugatda çap ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň