3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen we soňky ýyllarda has-da ösdürilýän, deňhukuklylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine we ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şu ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen döwürde türkmen-eýran gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda işjeň ösdürildi we kämilleşdirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini belläp, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.
Söhbetdeşler iki ýurduň hem mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki goňşy ýurduň halkyna ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler.