Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň häkimlerine käýinç yglan etdi

21:2603.05.2022
0
19630

Şu gün geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňeldi we olaryň alyp barýan işleri bilen bagly käbir guramaçylyk meselelerine seretdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda,

  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Gurbanow Ýazmuhammede;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda şaly öndürmekde we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyradow Nazarmyrada;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi Annaberdiýew Döwranberdä käýinç yglan edildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň