Aşgabatda Halkara jaz güni mynasybetli konsert geçirildi

21:4930.04.2022
0
11109

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara jaz güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Halkara jaz güni 2011-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan döredildi. Bu sungat baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde guralan konsert «Mukam» skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Aleksandr Krasotowyň «Jaz hakynda ýatlama» atly sazy bilen açyldy. Soňra «Joşgun», «Şatlyk sazy» atly saz eserleri ýaňlandy. Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilen sazandalar Igor Şewsow hem-de Kakageldi Gurbanmyradow daşary ýurt sazlaryna sazandarlyk etdiler. Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde, Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde, Jorj Gerşwiniň «Meniň ritmim» («I’ve got rhythm») atly aýdymy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Gurbanmyrat Nobatowyň «Jaz wals» atly sazynyň täzeden işlenen görnüşini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesow, sazandalar Aşyr Weliýew, Arslan Aşyrow ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Halkara jaz gününe bagyşlanan konsert Çary Nurymowyň sazyna, Gara Seýitliýewiň sözlerine döredilen «Aşgabat» atly aýdym bilen jemlendi. Bu aýdymy Döwlet simfonik orkestriniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň