«Hasar» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda konditer önümlerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasap edilýär. «Hasar» kärhanasynyň önümleriniň hatarynda dürli huruşly şokolad önümleriniň we karamelleriň onlarça görnüşleri, kökeleriň we waflileriň birnäçe görnüşleri, marmeladlar, şokolad plitkalary, şeýle-de her hili sowgatlyk şokolad toplumlary bar. Kärhananyň özboluşly önümi hökmünde bolsa gaplanan şokolad örtükli gawun kakyny görkezmek bolýar.
Şu ýylyň aprel aýynda «Hasar» kärhanasynyň türkmen bazarynda önümlerini halk köpçüligine hödürläp gelýänine 22 ýyl boldy. Kärhananyň 2000-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen konditer önümhanasy önümçilik gerimini ýylsaýyn kämilleşdirip, ýurtda netijeli kärhanalaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda kärhanada zähmet çekýän 350-den gowrak hünärmen ýüzlerçe dürli at bilen konditer önümlerini öndürýär. «Hasar» haryt nyşanly önümler türkmen konditer önümçiliginde öňdeligi eýeleýär we bu önümleri ýurduň islendik dükanlaryndan tapmak bolýar. Şeýle-de kärhana önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär.
«Hasar» kärhanasynyň önümleri birnäçe halkara standartlaryna laýyklykda hasaba alyndy. Olardan ISO 9001:2015 hem-de ISO 22000:2018 ýörelgeleriniň esasynda hil dolandyryşy we iýmit howpsuzlygy ulgamynyň sertifikaty, şeýle-de GSO 2055-1:2015 standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ulgamyň we UAE.S 2055-1:2015 iýmit önümçiliginiň «Halal» talaplaryna laýyk gelýän sertifikatlaryny bellemek bolar.