Soňky habarlar

Arhiw

Derýageldi Orazow Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi

21:5528.04.2022
0
11016

Derýageldi Orazow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi. Bu baradaky degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda bu ýerde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi.

Derýageldi Orazow merkeziň Ol gurluşygynyň başlanan gününden bäri bu ýerde Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory wezipesinde işleýär.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen gurlandygyny bellemek gerek.

Aşgabat şäherinden 30 kilometr günorta-günbatarda gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň umumy bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Bu taslamanyň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi. Iki tapgyrda guruljak merkeziň ilkinji tapgyry şu ýylyň dekabrynda, ýagny Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe çenli tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň