Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň goranmak ministrini kabul etdi

21:1926.04.2022
0
10571
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň goranmak ministrini kabul etdi
Surat: mod.gov.cn

Şu gün Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenheni kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň resminamalaryň ägirt uly toplumyny özünde jemleýän şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegi köpugurly mümkinçilikleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň bilelikde ýerine ýetirilmegi ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Ynsanperwer ulgamdaky, aýratyn-da, bilim, ylym, medeniýet, sport we saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugry bolup durýar.

BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ägirt uly döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyna we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhe döwrüň synagyndan geçen döwletara gatnaşyklary dünýäde abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň