Top.Mail.Ru

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

06:3024.04.2022
0
6589

Şu gün Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär. Bu sene mynasybetli, döwlet Baştutany watandaşlarynya Gutlag ýollady. Gutlagda, husan-da, şeýle ýazylýar:

«Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewler aýratyn orun eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Milli buýsanjymyz bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Olar owadanlygy, gylyk-häsiýeti, düşbüligi bilen giňden tanalypdyr.

Hormatly atşynaslar!

Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Şoňa görä-de, gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün dünýäni haýran galdyrýar. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At ýaryşda, är söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen nakyllardyr pähimli sözler hem türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasyndan nyşandyr.

Eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýer ýüzünde ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw we ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz hem-de ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň şertleri döredýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga-da aýratyn üns berilýär. Ussat seýisleridir çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramaga niýetlenen açyk manež ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berýär.

Garaşsyz Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de syn-sypatyny kämilleşdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak babatda-da yzygiderli işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur işler geçiriler. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga, döwrebap ýagdaýda guramaga döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler.

Hormatly atşynaslar!

Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.

Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy edebi eserlerimizde hem öz beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Sebäbi türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar!

Sizi batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabaralara beslenip, giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň