Lebap welaýatyndan HHR-e 2 mlrd kub metrden gowrak gaz eksport edildi, Aşgabadyň teatrlary 22-24-nji aprel üçin spektakllarynyň tertibini hödürlediler, Erteki krem-brýule tagamly täze önüm çykardy we beýleki täzelikler

10:3320.04.2022
0
8097

1. 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda «Malaý» gaz käninden Hytaýa 2 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

2. 22-24-nji aprelde Aşgabadyň teatrlary ýaşaýjylarymyzy we paýtagtyň myhmanlaryny spektakllara tomaşa etmäge çagyrýar. Spektakllaryň tertibi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

3. Aşgabatdaky Erteki fabrigi krem-brýule tagamly doňdurmanyň täze görnüşi bilen önümleriniň görnüşlerini artdyrdy. Täze önüm Aşgabatda geçirilen TSTB-2022 sergisinde hödürlenildi.

4. Türkmenistanyň suratkeşler akademiýasynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sergi açyldy. Sergide suratkeşlik, grafika, keramika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk we dizaýn ugurlary boýunça 400 töweregi iş hödürlenildi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti saglyk ýagdaýy sebäpli söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarowy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä öň ministriň orunbasary bolup işlän Begenç Goçmollaýew bellenildi.

6. Döwletjan Ýagşymyradowyň Karwalýony ýeňenden soň, gazanan pul baýragy mälim boldy. Türkmen türgeni 70 müň dollar gazandy, şolardan 35 müňi — ýeňiş üçin bonus.

7. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, zähmet weterany Nikolaý Amiýansa bagyşlanan konsert geçirildi.

8. «Ahal» futbol kluby AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynda Eýranyň «Fulad» klubundan 0:1 hasabynda ýeňildi. Duşuşyk Jidda (Saud Arabystany) şäherinde geçirildi.

9. Marvel Studios «Tor: söýgi we ýyldyrym» filminiň tizerini çykardy. Filmde Toruň Galaktikanyň goraýjylary bilen kosmos syýahatyna düşenden soňky durmuşy gürrüň berler. Kinolentanyň esasy otrisatel baş gahrymyny Kristian Beýl janlandyrar. Ol Gorr Taňrylaryň ganhorynyň keşbini ýerine ýetirer.

10. iPhone 14 çykandan soň, Apple kompaniýasy iPhone 11-iň önümçiligini tapgyrlaýyn bes eder. Gutarnykly karar heniz kabul edilmedi we Apple täze iPhone SE-niň gazanjak üstünligine salgylanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň