Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow wezipesinden boşadyldy

21:0519.04.2022
0
23333

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Orazmyrat Gurbannazarow, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Begenç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Orazmyrat Gurbannazarow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, 2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine gaýtadan saýlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň