Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Fuladdan» asgyn geldi

01:0019.04.2022
0
4699

«Ahal» futbol topary Eýranyň «Fuladyndan» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygynda hem asgyn geldi. Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen duşuşyk «Fuladyň» peýdasyna 1:0 hasabynda jemlendi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 39-njy minutda günorta afrikaly ýarym goragçy Aýýanda Patosi geçirdi.

Şeýlelikde, «Ahal» Çempionlar ligasynda bassyr üçünji duşuşygynda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Dört duşuşykda 1 utuk toplan «Ahal» toparçadan çykyp, ýaryşy 1/8 finalda dowam etdirmek mümkinçiligini ýitirdi. «Fulad» utugyny 8-e çykardy. Toparçadaky beýleki bir duşuşyk «Şabab Al-Ahli» bilen «Al-Garafanyň» arasynda geçiriler.

«Ahal» yklym ýaryşynda indiki duşuşygyny 22-nji aprelde «Şabab Al-Ahli» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň