Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky köpugurly hassahana halkara güwänamalaryň üçüsi gowşuryldy

23:3215.04.2022
0
4576

Şu gün Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanylmaga berlen 400 orunlyk köpugurly hassahana halkara güwänamalarynyň üçüsiniň şahadatnamasy gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Prezident Serdar Berdimuhamedowa täze hassahanada geçirilen maslahatda aýtdy.

Ministr N.Amannepesow täze we döwrebap saglygy goraýyş toplumynyň açylandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylara Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana halkara güwänamalaryň 3-siniň, hususan-da, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Surih şäherindäki Federal tehnologiýa institutynyň «Ýokary tehnologiýalar» güwänamasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlary boýunça Maks Plank institutynyň «Ýokary hil» güwänamasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawly hassahana» güwänamasynyň berlendigini habar berdi.

«Bu güwänamalar we degişli nyşanlar köpugurly hassahananyň ýokary hiliniň, onuň ekologik howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň hem-de dürli keselleri anyklamakda we bejermekde ýokary netijeli lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygynyň nobatdaky ykrarnamasydyr» — diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.

Belläp geçsek, Türkmenbaşy şäherinde açylan köpugurly 7 gatly hassahanada dürli keselleriň öňüni almak,olary anyklamak hem-de bejermek işleri göwnejaý ýola goýuldy,onda bölümleriň 27-si hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň