Aleksandru Nartea (ÝUNISEF): — «Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramakda uly netijeler gazanyldy»

11:2816.04.2022
0
9610

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahananyň açylyşy boldy. Dabaranyň dowamynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea ýurtda çagalaryň we eneleriň saglygyny goramakda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi:

— Türkmenistanda gurlan täze köpugurly lukmançylyk edarasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak meniň üçin örän ýakymly. Bu ýurduň çägindäki, şol sanda Balkan welaýatyndaky iň döwrebap hassahanalaryň biri bolup durýar. Biz Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze saglygy goraýyş desgasynda ornaşdyrylan enjamlardyr bu ýerde hödürleniljek hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşdyk. Ol dünýäniň iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary we tilsimatlar bilen üpjün edilip, munuň özi geljekde ýurduň raýatlarynyň, şol sanda çagalaryň saglygyny goramaga-da aýratyn goşant bolar.

Hormatly Prezidentiň özi hem şu günki çykyşynda çagalaryň saglygy hakyndaky aladanyň örän wajypdygyny belledi. Biz bu ugurda Türkmenistanyň Hökümeti, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigimize begenýäris. Biziň örän köp maksatnamalarymyz bar. Türkmenbaşy şäherinde täze açylan lukmançylyk edarasy hem çagalaryň saglygyny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder. Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirýän maksatnamalarymyz enäniň we çaganyň saglygy, çaga we enäniň iýmiti, immunizasiýa, nahar duzuny ýodlaşdyrmak, uny foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.

Ýeri gelende bellesek, soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistan ÝUNISEF-niň goldamagynda çagalary immunizasiýalaşdyrmakda anyk netijeleri gazandy. Bu ugurdaky işler çagalaryň 98 göterimini gurşap almak bilen, olaryň tutuş ömrüniň dowamynda ýokanç kesellerden goraglylygy üpjün edilýär. Pandemiýa garamazdan, biz ýurtda waksinalary hem-de zerur bolan enjamlary satyn almak bilen bagly bilelikdäki çäreleri üstünlikli dowam etdirýäris. Şunda ýurduň Hökümetiniň çagalaryň üznüksiz immunizasiýalaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin her ýylda 15 million amerikan dollaryndan gowrak serişdäni goýberýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň