Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda guruljak ikinji Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitledi

23:1515.04.2022
0
22890
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda guruljak ikinji Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitledi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki täze köpugurly hassahananyň açylyş dabarasynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda Aşgabatda guruljak ikinji Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Döwlet Baştutany täze Stomatologiýa merkeziniň Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda, ýagny «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň gabat garşysyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde degişli işleri geçirip, täze Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýeri we onuň gurluşygy boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda bellenilip geçilişi ýaly, Aşgabatdaky Stomatologiýa merkezine ýüz tutýanlaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa merkeziň çägini we оnuň mümkinçiliklerini artdyrmagyň zerurlygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň