Soňky habarlar

Arhiw

Tom Henks Ikinji jahan urşy barada seriala prodýuserlik eder

14:5414.04.2022
0
1161
Tom Henks Ikinji jahan urşy barada seriala prodýuserlik eder
Surat: gazeta.ru

Meşhur aktýor Tom Henks Ikinji jahan urşy baradaky täze serialyň prodýuseri bolar.

“Deadline” neşiriniň habaryna görä, täze köp bölümli film “”Howanyň hökümdarlary” ("Властелины воздуха") diýlip atlandyrylar. Serialyň üstünde Playtone, Apple Studios we režissýor Stiwen Spilbergiň Amblin Television kompaniýasy işlär.

Täze serialda urşuň netijesine täsir eden ýaş amerikan uçarmanlary barada gürrüň berler.

Taslama Apple TV+ striming serwisi üçin taýýarlanýar diýip, “Westi.ru” habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň