Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen birlikde BMG-niň COP-27 maslahatyna taýýarlyk görýär

10:3114.04.2022
0
6675

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň şu ýylyň 8 — 18-nji noýabry aralygynda Şarm-eş-Şeýh şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 27-nji maslahatyna taýýarlyk görlüşini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyga gatnaşdy.

Iri halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň meselelerini özünde jemlän duşuşyk 13-nji aprelde Bişkek şäherinde geçirildi. Duşuşyga Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan wekiller gatnaşdy. COP-27 maslahatynda Merkezi Aziýadan çykyş etmek meselesi duşuşygyň esasy meselesi hökmünde kesgitlendi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri görmegiň halkara derejesindäki giň göwrümli forum bolup durýar.

COP-27 maslahatynda Merkezi Aziýa ýurtlary «Özara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk arkaly howanyň maliýeleşdirilmegine taýýarlyk barada Merkezi Aziýa dialogy» maslahatynda nazarda tutulan ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli meýilnamalaryny yglan ederler.

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow (MASEM):

«Merkezi Aziýa — howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere garşy göreşmekde esasy zolak we mümkinçilikleriň sebiti. Soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ýurtlary ekologiýa kanunçylygyna laýyklykda köp sanly işleri durmuşa geçirip, strategik meýilnamany amala aşyrdylar we döwrebap tehnologiýalary özleşdirdiler. Bu işleriň ählisi tejribe alyşmakda we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda giň mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.»

COP-27-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öz pawilýonynda işlemegine we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny birleşdiren sebit hökmünde durnukly geljegi üpjün etmekde halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezer diýlip garaşylýar.

Şunuň bilen birlikde Merkezi Aziýa döwletleri howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde diňe bir sebitleýin derejede däl-de, eýsem halkara derejesinde tagallalary birleşdirmäge taýýardyr.

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň metbugat beýanatynda habar berlişine görä, ýakyn geljekde COP-27-ä taýýarlyk görmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi Duşenbe şäherinde Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyny geçirer. Bu bolsa öz nobatynda degişli meseleler dogrusynda pikir alyşmak we umumy strategiýany ösdürmek üçin sebit meýdança öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň