Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili» atly maslahat geçirildi

09:4513.04.2022
0
7071

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili» atly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Maslahata döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işgärleri we bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanda adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri we olary amala aşyrmagyň gurallary, ýurdumyzyň bu babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň amala aşyrýan taslamalary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Maslahat «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň