Arhiw

«Belet Film» ykjam goşundysy Air Play bilen üpjün edildi

00:1613.04.2022
0
8442

«Jan Tehnologiýa» türkmen kärhanasy «Belet Film» ykjam goşundysynyň iOS operasion ulgamynda işleýän täzelenmesini işläp taýýarlady.

Ykjam goşundynyň täzelenmesiniň esasy aýratynlygy bolsa Air Play arkaly görülýän wideony telewizoryň ekranyna geçirip bolýanlygydyr. Has düşnükli dilde aýdylanda, tomaşa edilýän kontent smartfondan ýa-da planşetden galtaşyksyz görnüşde Apple TV enjamyna, ondan hem telewizora geçirilýär. Bu mümkinçiligiň esasynda diňe Air Play düwmesine basmak bilen smartfonuňyzdaky islendik filmi telewizora ýeňillik bilen geçirip görüp bilersiňiz.

«Belet Film» ykjam goşundysyny iOS operasion ulgamy üçin App Store internet dükanyndan tölegsiz ýükläp almak bolýar.

«Belet Film» — 2021-nji ýylda «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Jan Tehnologiýa» hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen, özünde köp sanly filmleri, tapgyrlaýyn filmleri hem-de multfilmleri jemleýän onlaýn-kinoteatr hyzmatydyr. Bu hyzmat Android we iOS ulgamlary üçin, şeýle-de web görnüşde elýeterlidir. «Belet Film» hyzmaty «Türkmentelekom» EAK-yň ulanyjylary üçin internet liniýasy arkaly, AŞTU ulanyjylary üçin bolsa IP enjama birikdirilen görnüşde ýetirilýär. Hyzmatyň bir aýlyk tölegi 30 manada barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň