«Daýhanbank» DTB Türkmenistanda bank kartlaryny ulanyşa goýbermekde öňdeligi eýeleýär

12:1712.04.2022
1
6380

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky Türkmenistanda bank kartlaryny ulanyşa goýbermekde öňdeligi eýeleýär diýip, Trend habarlar gullugy Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp habar berýär.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky bu ugurda 1,7 milliondan gowrak bank kartyny ulanyşa goýberdi. Bank, esasan, ýurduň sebitlerindäki müşderiler işleşýär we degişli görkezijä laýyklykda ulanyşa goýberilen bank kartlary Mary (509,7 müň bank karty), Daşoguz (432,2 müň bank karty) hem-de Lebap welaýatlaryndan bolan (395,1 müň bank karty) müşderiler üçin işe girizildi.

Bank kartlaryny ulanyşa goýbermekde ikinji orunda «Türkmenistan» banky (959,8 müňden gowrak bank karty), üçünji orunda bolsa «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky durýar (522,5 müňden gowrak bank karty).

Çeşmede Türkmenistanyň banklarynyň bank kartlaryny ulanyşa goýbermekde 2022-nji ýylyň 1-nji apreline çenli netijeleriniň sanawy getirilýär:

  • «Daýhanbank» DTB — 1 732 708 sany bank karty;
  • «Türkmenistan» DTB — 959 816 sany bank karty;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky — 499 635 sany bank karty;
  • «Türkmenbaşy» PTB — 522 546 sany bank karty;
  • «Halkbank» PTB — 519 341 sany bank karty;
  • «Senagat» PTB — 352 101 sany bank karty;
  • «Rysgal» PTB — 134 496 sany bank karty;
  • Türkmen-türk PTB — 102 351 sany bank karty.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň