Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlary üçin ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg etmek mümkinçiligi, Sanly.tm sanly portaly funksiýalaryny artdyrdy, türkmen kompozitorynyň Bütinrussiýa bäsleşiginde gazanan ýeňşi we beýleki täzelikler

10:0305.04.2022
0
8551

1. Türkmenistanyň Energetika ministrligi ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini onlaýn tölemek üçin täze mobil priloženiýe girizdi. «Milli Pay» ykjam goşundysy gündelik sarp edilýän elektrik energiýasynyň we gazyň hasabyny girizmek hem-de oňa töleg etmek ýaly hyzmatlary onlaýn görnüşde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Priloženiýäni App Store-dan we Google Play-den ýükläp alyp bilersiňiz.

2. Sanly.tm sanly portaly dizaýnyny täzeledi we funksiýalaryny artdyrdy. Saýtyň ulanyjylaryna e.gov.tm, Belet Film, HorjunTV, täzelikler, howa maglumaty we gözleg ulgamy elýeterli edildi.

3. Türkmen sazandasy Merdan Bäşimow Russiýa ýaş kompozitorlaryň iň iri möçberli bäsleşigi bolan «Partitura» bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Aşgabatly sazanda «Estrada-simfoniki eser» ugry boýunça ýeňiş gazandy.

4. Türkmen daýhanlary ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan garpyzlaryň täze gibrid sortlaryny ösdürip ýetişdirip bilerler. Bu dünýäniň öňdebaryjy tohum öndürijileriniň tohumçylykdaky täze gazananlary bolup, ol gysga wagtyň içinde miwelerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär.

5. «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Saud Arabystanyna bardy. Ýatlatsak, duşuşyklar 7-14-nji aprelde merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

6. Massaçusets tehnologiýa institutynyň barlagçylary geljegi aýdýan enjamy döretdiler. Enjam birnäçe sekundyň dowamynda howa maglumatyny, paýnamalaryň bahalarynyň geljegini, keselleme howpuny we köp sanly maglumatlary çaklap bilýär.

Bu hadysa wagt hatarlarynyň köp ölçegli maglumatlarynyň çaklamasynyň täze algoritmi mynasybetli amala aşyrylýar.

7. Xiaomi kompaniýasy End of Support tapgyryna baryp ýeten smartfonlaryň sanawyny neşir etdi. Sanawa girizilen smartfonlar Android täzelenmelerini we howpsuzlyk patçlaryny almagyny bes eder.

8. Ýaponiýada 4,1 we 4,3 bal magnitudaly birbada iki sany güýçli ýer titreme bolup geçdi. Tebigy betbagtçylyklaryň epi merkezi 10 kilometr çuňlukda ýerleşýär. Adam pidalary we ýumrulmalar barada maglumatlar heniz ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň