Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanda Adalatçy wezipesine gaýtadan saýlandy

23:5802.04.2022
0
12795

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde geçirilen on ýedinji maslahatynda Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy saýlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, deputatlar tarapyndan Adalatçy wezipesine üç dalaşgär hödürlendi. Maslahata gatnaşyjylar Adalatçyny gizlin ses bermek arkaly saýladylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi «Adalatçyny saýlamak hakyndaky» karary bir agyzdan kabul etdi.

Ýazdursun Gurbannazarowanyň 2022-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanda ilkinji Adalatçy bolandygyny bellemek gerek. Ýurduň kanunlaryna laýyklykda, saýlanan wekil bu wezipä bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň