1.«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory mugt «Oraza» hyzmatyny işe girizdi. Bu hyzmatyň kömegi bilen müşderiler mugt USSD menýunyň kömegi bilen oraza wagtlary hakynda maglumat alyp bilerler. Agyz beklenilýän we agzaçar wagtlary şu salgyda elýeterlidir.
2.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Ýaponiýadan enjamlary aldy. Aşgabatdaky Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezine rentgen apparatlary, öýkeni emeli howalandyryş enjamlary, häzirki zaman USB (ultrases barlagy) enjamlary we bronhospokiýa enjamlary getirildi.
3.Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy FIFA-nyň Katarda geçiriljek 72-nji kongresiniň işine we 2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň 1-nji aprelde geçiriljek bije çekişligine gatnaşar.
4.Aşgabatda geçirilen iki günlük sebitleýin okuw maslahatynyň dowamynda «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesini durmuşa geçirmegiň strategiýasy hödürlenildi.
Strategiýa ulag mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam etmäge we ulaglaryň ähli görnüşlerini netijeli peýdalanmak arkaly geografiki aralyklary gysgaltmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
5.Hazarüsti interkonnektorynyň taslamasyna, deslapky maglumatlara görä, 400 million dollar möçberinde maýa goýumlary gerek we ol dört aý töweregi wagt alar.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin binýat hökmünde Türkmenistanda we Azerbaýjanda Hazar deňzinde bar bolan infrastruktura hyzmat eder. Interkonnektor Tükmenistana her ýylda 10-12 mlrd kub metr tebigy gazy ibermäge mümkinçilik berer.
6.Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyñ çäklerinde gepleşikleri geçirdiler.
7.Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Expo Dubai 2020 sergisiniň çäginde Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi. Türkmen bölümine baran Minnihanow milli egin-eşikleri we dünýä belli türkmen halylaryny synlady.
8.Gazagystanyň ekologiýa ministri Serikkali Brekeşew Aral deňzinde suwuň möçberiniň 11,5 kub artandygyny habar berdi. Bu Syrderýa derýasynyň geçirijilik ukybynyň sekuntda 350-den 700 kub metre çenli artdyrylmagy netijesinde mümkin boldy.
9.Hytaýda Sýansýuandaky uçuryş merkezinden «Týanpin-2A», « Týanpin -2B» we « Týanpin -2C» üç sany emeli hemra Ýeriň orbitasyna üstünlikli çykaryldy. Hemralar atmosferany öwrenmek we orbitanyň ölçeglerini hasaplamak üçin ulanylar.
10.Katar ― 2022 dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça toparçalaýyn saýlama tapgyrlar tamamlandy. Olarda alnan netijelere görä final tapgyra Koreýa Respublikasy, Eýran, Ýaponiýa we Saud Arabystany çykdy. Awstraliýa we BAE galan ýeke ýollanma ugrunda bäsleşer.