Soňky habarlar

Arhiw

Aziýadan ýene iki ýygyndysy Katar ― 2022 üçin ýollanma aldy. Olar...

23:5424.03.2022
0
3796

Şu gün Katar ― 2022 dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyryndaky 9-njy duşuşyklar geçirilýär. Olaryň käbiri eýýäm tamamlandy.

Ýaponiýanyň futbol ýygyndysyny myhmançylykda Awstraliýanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Myhman toparyň gollaryny 89-njy we 94-nji minutlarda Mitoma geçirdi.

Bu netije «B» toparçada Ýaponiýanyň we Saud Arabystanynyň wagtyndan ozal Katar ― 2022-ä ýollanma alandygyny görkezýär. Çünki ýeňiş Ýaponiýany 21 utuga çykardy. Agşam sagat 20-de Hytaý bilen oýnajak Saud Arabystanynyň 19 utugy bar. Üçünji orundaky Awstraliýa bolsa 15 utukda galdy. Awstraliýa jemleýji tapgyrda ýeňiş gazanaýanda hem Saud Arabystanynyň yzyndan ýetip bilmez.

Şeýle hem şu gün «A» toparçadan eýýäm mundiala gatnaşmaga hukuk gazanan Koreýa Respublikasy bilen Eýran duşuşdy. Duşuşyk ýer eýeleriniň ― koreý futbolçylarynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, geçen saýlama tapgyryndaky topardaşlarymyz ― koreý futbolçylary utugyny 23-e çykaryp, «A» toparçada birinji orna göterildiler. Eýran bolsa 22 utukda galdy.

Şeýlelikde, Aziýadan dünýä çempionatyna gönüden-göni ýollanma alan dört ýygyndy belli boldy. Olar Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylarydyr. Häzir toparçalarda üçünji orny eýelemek üçin Awstraliýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň mümkinçiligi ýokary. Olar biziň yklymymyzdan bäşinji ýollanma üçin öz aralarynda göreşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň