Aşgabatdaky Päk service kärhanasy öý esbaplaryny gysga wagtda göçürmek hyzmatyny ýerine ýetirýär

10:0924.03.2022
0
5484

Göçmek — islendik ýagdaýda özboluşly kynçylygy döredýän iş. Munuň üçin ähli geýim-gejimleri jemlemeli, mebelleri sökmeli, daşamaly, hemme zady täze göçülýän ýere baryp tertipleşdirmeli. Umuman, bu iş gysga wagtlygam däl, ýeňilem däl. Emma beýle ýagdaýda alada galmazdan, ýörite göçürýän hünärmenlere ýüz tutanyň amatlydyr.

Bu ugurda Aşgabatdaky Päk service kärhanasy şäher içinde göçmek, öý-hojalyk goşlaryny daşamak, gaplamak hem-de gysga wagtda ýygnamak hyzmatlaryny hödürleýär. Päk service kärhanasynyň tejribeli hünärmenleri siziň göçmegiňizi ýokary hilde guramak bilen, gysga wagtyň dowamynda eşikleriňizi we tehnikaňyzy seresap gaplamagy, mebelleriňizi söküp-düzmegi, zerur öý goşlaryňyzy daşamagy üpjün edýär.

Şeýle-de hünärmenler göçürmekde emlägiňiziň abatlygyny kepillendirýär.

Bu hili netijä gelen halatyňyzda öý goşlary we mebelleri göwnejaý ýerleşdirilen täze öýüňiziň ýerbe-ýerligini gysga wagtda görüp bilersiňiz.

Goşlaryňyzy göçürmekde hünärmenleriň ýörite hyzmatyndan peýdalanmak isleseňiz Päk service kärhanasy bilen şu salgylara ýüz tutup habarlaşyp bilersiňiz:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň