Türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy

15:3323.03.2022
0
6910

22-nji martda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi.

TDIM-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli ugry boýunça ikitaraplaýyn türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin esasda ösdürilmegi üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň ähmiýetini belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň