Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hytaýda bolup geçen uçar heläkçiligi sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi

22:2622.03.2022
0
8101
Serdar Berdimuhamedow Hytaýda bolup geçen uçar heläkçiligi sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi
Surat: www.ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň günorta sebitinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Maglumatlara görä, 21-nji martda «China Eastern Airlines» awiakompaniýasyna degişli bolan Boeing 737 ýolagçy uçary Hytaýyň Guansi-Çžuan awtonom sebitinde heläkçilige uçrady. Uçar ýere gaçandan soňra, ol ýerdäki tokaýda ýangyn başlady. Uçarda ekipažyň 9 agzasy hem-de ýolagçylaryň 123-si bardy. Hytaýyň tiz kömek gullugy uçaryň heläk bolan ýerinde entek olaryň hiç birini hem tapmady. Halkara habarlarda maglumat berlişi ýaly, uçaryň hereketlendirijisinde näsazlygyň ýüze çykmagy sebäpli uçarmanlar uçary dolandyryp bilmändirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň