Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» «Nebitçiniň» we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy

13:0721.03.2022
0
5318

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» topary «Nebitçiden» derwezeçi Batyr Babaýewi düzümine goşdy. Ol Türkmenistanyň öz işine iň ussat derwezeçileriniň biridir. Batyr Babaýew 2020-nji ýylda «Ahalyň» düzüminde oýnaýarka, bir möwsümde derwezesinde iň sak duran oýunçy hökmünde ykrar edildi. BU barada TFF-niň resmi saýty berýär.

Batyr Babaýewiň karýerasynyň agramly bölegi «Ahal» bilen bagly. Bir ýyl «Nebitçide» oýnansoň, ol indi «Ahalyň» çempionatdaky iň esasy garşydaşy bolan «Altyn asyryň» düzümine goşuldy.

Batyr Babaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem derwezeçisidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň